2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa tarapyna bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi S.Pälwanow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewin hem-de Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy dialogy pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilim, ylym, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek hem-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar geljekki ädimleriň ýol kartasyny taýýarlamak meselelerine garadylar we 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy sebit çäreleriniň tertibini ylalaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini bellediler hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
