BIZNES

Türkmenistan sanly tehnologiýa, ulag we logistika ulgamlarynda birnäçe ähtnamalara gol çekişdi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergi we ylmy maslahaty geçirilýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen bu iri pudaklaýyn forumlar geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy, dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Utgaşdyrylyp geçirilmegi däbe öwrülen halkara forumlara halkara guramalaryň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň 300-den gowragyndan 600 töweregi wekil gatnaşýar.

Serginiň dowamynda ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we daşary ýurtly işewürleriň özara duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikleri ýüze çykarmaga, işewürlik teklipleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň degişli düzümleri bilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Dell Technologies Kazakhstan and Central Asia» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «Школа 21» ilatyň biliminiň hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýiller hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Canaan Creative Global Pte. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda häzirki zaman hasaplama tehnologiýalary we sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we “USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.” kompaniýasynyň arasynda portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämi abatlamak ugurlarynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «JS International Korea» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Related posts

“Guess” markasynyň taryhy

Türkmenabatda şöhladyň taýýarlanylyşyny synlap, satyn alyp bolýar

Türkmenistan polipropilen önümlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly eksport edýär