MEDENIÝET

Daşkent şäherinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň dabaraly açylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Ikuo Hiraýama adyndaky Halkara medeniýet kerwensaraýynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda «Dostluk köprüsi» atly türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçirildi.

Medeni çäre Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýyla, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy.

Serginiň dabaraly açylyşyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar meseleleri boýunça komitetiniň ýolbaşçylary, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, deputatlar, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistan Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy Аkmal Nuridinow we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda serginiň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Çykyşlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tagallalary netijesinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Serginiň çäklerinde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny we häzirki zaman durmuşyny şöhlelendirýän türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezildi.

Sergide Türkmenistanyň milli medeniýetiniň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sungat eserleri aýratyn orun eýeledi. Şeýle hem sergä gelenler türkmen halkynyň taryhy mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny we baý ruhy dünýäsini açyp görkezýän eserler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi 2026-njy ýylyň 28-nji noýabryna çenli dowam eder.

Related posts

Dünýäniň iň uly göwheri Dubaýda görkeziler

Russiýa Türkmenistan bilen kino hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Özbegistanyň medeniýet ministrine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýlen hormatly at dakyldy