MEDENIÝET

Özbegistanyň medeniýet ministrine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýlen hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany esasynda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A.Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.

Milli Liderimiziň Permanyndan bellenilip geçilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini we hünär ussatlygyny göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň ýokary sylagyna mynasyp bolandygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri