Ankarada Magtymguly Pyragynyň heykeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde, bu ýurduň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Medeniýet we syýahatçylyk ministriň orunbasary Nadir Alparslan, Daşary işler ministrliginiň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Ali Kaan Orbaý, Medeniýet işleri boýunça bölüminiň başlygy Aşkyn Çakmak, TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy we beýleki wekiller gatnaşdylar.

Şeýle hem baýramçylyk çäresine Gyrgyzystanyň, Alžiriň, Moldowanyň  we Gruziýanyň Türkiedäki Ilçileri, Ankara şäherinde ýerleşýän birnäçe diplomatik wekilhanalaryň diplomatlary, Türkiýäniň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň käbir deputatlary, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän käbir türk şereketleriniň wekilleri, Anadolu habar agentliginiň, TRT telewideniýesiniň, we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň edebiýatşynas mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyşlar edildi.

Related posts

Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Amangeldi aga!

Ata Watan Eserleri

Türkmen žurnalistikasy agyr ýitgi çekdi: Amangeldi Nurmyradow aradan çykdy

Türkmenistanyň dokma senagaty Ýewropada tanyşdyrylýar

Türkmenistan bilen Pakistan syýahatçylyk pudagynda ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Landaunyň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň wekili ABŞ-da geçirilen halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

Alan hoşal, beren hoşal, seniňki nämelik?

Ata Watan Eserleri

Pakistan Türkmenistany CASA-1000 taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

Aýyň täleýnamasy 2026: Noýabr

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Yslamabadda duşuşdy

Türkmenistan we BMG-niň agentlikleri COP31 maslahatynyň çäklerinde birnäçe tematiki mejlis geçirdiler

2026: Hepdelik täleýnama ( 16-njy -22-nji noýabr )

20 dollarlyk aýakgabyny 600 dollara satyp bolýarmy? Adamlar haryda seredýärmi ýa-da onuň adyna?

17-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

16-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Angliýanyň ýygyndysy Ispaniýanyň rekordyny soňlandyrdy

Filip Diallo FIFA-nyň prezidentligine dalaşgär boldy