DÜNÝÄ

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk Türkmenistanda ýatlanyldy

10-njy noýabr Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykan güni (Ýatlama güni) hökmünde bellenilýär.

Bu sene mynasybetli her ýyl diňe bir Türkiýede däl, eýsem bütin dünýädäki türk we doganlyk halklaryň wekilhanalarynda hem dürli ýatlama dabaralary guralýar.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykmagynyň 88 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Her ýylyň 10-njy noýabrynda türk halky özüniň ilkinji Prezidenti we esaslandyryjysy Atatürküň aradan çykan gününi belläp geçýär.

Şeýle dabaralar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem geçirildi. Paýtagtymyzdaky Atatürküň adyny göterýän seýilgähde dabara geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnan çäresinde Atatürk ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow, ilçihananyň wekilleri, Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem metbugat wekilleri gatnaşdy.

Ýerli wagt bilen 09:05-de başlan dabarada iki ýurduň milli senalary ýaňlandy. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Bu ýerde edilen çykyşlarda Türkiýe döwletini esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň ýurduň garaşsyzlygyny gazanmak ugrunda alyp baran gaýduwsyz gahrymançylykly ýoly barada maglumat berildi. Atatürküň ýolbaşçylygynda garaşsyzlygyny gazanan Türkiýäniň häzirki döwürde dürli ugurlarda dünýäniň iri döwletleriniň hataryndan öz mynasyp ornuny alandygy hem bellenilip geçildi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy iki doganlyk döwletlerdir. Şonuň netijesinde, iki ýurduň belli şahsyýetleriniň hatyrasyna döwletlerde seýilgähler döredildi we iri şaýollara olaryň atlary berildi.

Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna Aşgabat şäheriniň merkezinde seýilgäh döredilip, ol hem Türkiýäniň ilçihanasynyň garşysynda ýerleşýär. Şeýle hem Aşgabadyň esasy köçeleriniň birine Atatürk ady dakyldy.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy.

Related posts

BAE-niň iň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geler

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar bilen geçirilen duşuşyklar

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi