Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1039 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 15-si geçirildi.
Ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilen işler dowam etdirildi. Bu döwürde okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, maksatnamalaryň 666-sy makullanyldy. Hasabat döwründe türkmen wekiliýeti birnäçe halkara forumlara hem-de ylmy maslahatlara gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi, şeýle hem sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy.
