Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başynda söýýän adamyňyz bilen ýüze çykyp biljek düşünişmezlikler ünsüňizi başga zatlardan sowup biler. Emma ylalaşyga gelmek mümkinçiligi hem bar, ýöne munuň üçin özara düşünişmäge çalyşmaly we käbir meselelerde eglişik etmäge taýýar bolmalysyňyz.Günüň birinji ýarymynda täze tanyşlar bilen aragatnaşykda seresaply bolmak maslahat berilýär. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň hemmesine derrew ynanmak dogry bolmaz. Şahsy pikirleriňizi we möhüm syrlaryňyzy paýlaşmazdan ozal, täze tanyşlaryňyza has ýakyndan gözegçilik ediň.Günüň ikinji ýarymy iş we şahsy meseleleri çözmek üçin has amatly bolar. Hamallar öz maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny anyk kesgitläp, haýsy işlere häzir girişmelidigine, haýsysyny bolsa soňrak ýerine ýetirip boljakdygyna düşünerler. Bu bolsa gereksiz howlukmaçlykdan we bulaşyklykdan gaça durmaga ýardam eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Uly we çynlakaý bir işi tamamlamak garaşylandan has kyn bolup biler. Iň soňky pursatda öň gözden salnan jikme-jiklikler ýa-da ozal goýberilen ýalňyşlyklar ýüze çykyp, olary düzetmek hem zerurlygy dörär.Emma bu iş köp güýç talap etse-de, sabyrlylyk bilen hereket etmek arkaly maksadyňyza ýetmek mümkin.Şeýle herm ýüze çykan gijikmeler sebäpli özüňizi alada goýmazlyga çalşyň. Ýagdaýa arkaýyn çemeleşmek we kemçilikleri yzygiderli düzetmek has gowy netije berer.Günüň ikinji ýarymy maliýe meselelerinde seresaplylyk zerurdyr. Töwekgelçilikli kararlaryň uly ýitgilere getirmegi mümkin. Maşgalaly Sowurlara agşam ýakymly habarlar garaşýar. Garyndaşlar ýa-da dostlar bilen duşuşyk gündelik aladalardan daşlaşmaga kömek eder. Bilelikde synap görjek täze işiňiz wagtyň geçmegi bilen umumy höwese öwrülip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Köpden bäri çözgüdi tapylmadyk meseläni döredijilikli çemeleşmek arkaly çözmek mümkin. Günüň başy täze pikirleri synap görmek we öňden ünsüňizi talap edip gelýän işler bilen meşgullanmak üçin amatly bolar. Iş duşuşyklary netijeli geçer. Iş gözleýän Jöwzalar söhbetdeşlikde gowy täsir galdyryp, ýakyn wagtda gyzykly teklip alyp bilerler.Şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen gepleşikler hem üstünlikli geçer.Günüň ortalarynda resminamalara, hasabatlara we jikme-jikliklere aýratyn üns bermek maslahat berilýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň dowamynda adaty işlerini aňsat ýerine ýetiriler. Esasanam, günüň birinji ýarymynda uly kynçylyklar garaşylmaýar. Täze üýtgeşmeler bolmasa-da, şatlanmaga ýeterlik sebäpler dörär. Adaty meseleler köp güýç talap etmez, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa, ýanyňyzda kömek etmäge taýýar adamlar tapylar.Günüň başy romantik tanyşlyklar üçin amatly bolar. Garaýyşlary we gyzyklanmalary siziňki bilen ýakyn bolan adamlar bilen duşuşmagyňyz hem mümkin. Eger özara duýgy dörese, bu tanyşlyk geljekde has ýakyn gatnaşyklara öwrülip biler. Günüň ikinji ýarymynda gapma-garşylykly habarlar alada döredip biler. Başgalaryň pikirlerine derrew eýermekden saklanyň. Maglumatlary öwrenmek we bolup geçýän ýagdaýlara özbaşdak baha bermek üçin wagt gerek bolar.Maliýe meselelerinde bolsa tejribeli we ygtybarly adamyň maslahatyna gulak asmak peýdaly bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Günüň başy örän netijeli geçer. Siz öňüňizde duran meseleleri çalt çözmegi başararsyňyz. Zerur bolan ýagdaýynda kömek etmäge taýýar adamlar hem tapylar. Iş duşuşyklary we hünär meseleleri boýunça gepleşikler üçin amatly mümkinçilikler dörär. Peýdaly tanyşlyklaryň geljekde dowam etmegi mümkin.Günüň ikinji ýarymynda jikme-jikliklere has köp üns bermek zerurdyr. Hatda özüne çekiji iş teklibini hem pikirlenip seljermek maslahat berilýär. Şahsy durmuşda hem möhüm kararlary kabul etmäge howlukmaň. Täze tanyşlyk ýa-da özara duýgy geljek barada derrew karar bermek üçin ýeterlik esas bolmaz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Öz mümkinçilikleriňize ynansaňyz, saýlan ýoluňyzy goramak has aňsat bolar. Emma şübheleriňizden öz bähbitleri üçin peýdalanmak isleýän adamlaryň bolmagy hem mümkin. Iş duşuşyklaryny günüň ortalaryna bellemek has amatly bolar. Uzak möhletli hyzmatdaşlyk teklibini alyp, geljekde girdejileriňizi artdyrmaga mümkinçilik gazanmagyňyz mümkin. Yhlasyňyza, ygtybarlylygyňyza we zähmetsöýerligiňize baha berýän adamlar bilen aragatnaşyk üstünlikli geçer. Başarnyklaryňyz we öň gazanan üstünlikleriňiz barada gürrüň bermekden çekinmäň.Maliýe ýagdaýy, umuman, durnukly bolar. Günüň ortalarynda goşmaça iş arkaly girdeji gazanmak, agşam sagat bäşden soň bolsa gerekmejek zatlaryňyzy satmak mümkinçiligi dörär. Döredijilik bilen bagly höwesiňizi goşmaça girdeji çeşmesine öwürmek barada pikir edip bilersiňiz. Ýöne ilki bilen onuň mümkinçiliklerine baha beriň.Günüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklar üçin amatly bolar. Soňky döwürde iş bilen meşgul bolmak sebäpli biri-birine ýeterlik wagt sarp edip bilmedik jübütler üçin bu aýratyn ähmiýetlidir. Agşam bilelikde täze bir işi synap görmek ýa-da täze ýere gitmek gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin berer.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň başynda uzakdan gelýän habarlar we gyzykly teklipler sizi begendirer. Köpden bäri görmedik tanyşyňyz bilen duşuşmagyňyz mümkin. Işe üns berýän Mizanlar öz maksatlaryna ýetmekde ep-esli öňe giderler. Käbir ýagdaýlarda aýratyn tagalla etmegiň zerurlygy bolmaz, sebäbi ýagdaýlar üstünlikli geçer.Şahsy gatnaşyklarda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Köpden bäri halaýan adamyňyz ilkinji bolup siz bilen habarlaşmagy mümkin. Siz bolsa içki duýgyňyzyň kömegi bilen oňa nähili jogap bermelidigine düşünersiňiz.Agşam ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk aýratyn möhüm bolar. Dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz gyzykly bilelikdäki işi teklibini edip bilerler. Olaryň goldawy size ýakymly täsir eder.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň başynda garaýyşlary siziňki bilen ýakyn bolan adamlar bilen söhbetdeşlik aýratyn ýakymly bolar. Eger soňky döwürde başdan geçirýän duýgularyňyza düşünýän adamyň ýokdugyny pikir edýän bolsaňyz, bu söhbetdeşlik size ruhy goldaw berer. Gepleşik täze pikirleriň döremegine, geljekki meýilnamalaryňyzy kesgitlemäge ýa-da öň yza süýşüren işiňize täzeden girişmäge kömek edip biler.Günüň ikinji ýarymy iş babatda üstünlikli geçer. Siz öz güýçli taraplaryňyzy görkezmegi başararsyňyz. Käbir Akraplar täsirli adamlaryň goldawyny gazanyp, çynlakaý meýilnamalaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçiliklere eýe bolarlar. Maksatlaryňyz barada gürrüň bermekden çekinmäň.Şeýle hem maliýe ýagdaýyňyz hem oňyn bolup biler. Garaşylmadyk çeşmelerden pul gelmegi mümkin. Öň karz beren adamlaryňyzyň bergilerini gaýtarmagy ýa-da birnäçe hyzmatdaşlyk teklibiniň gelip gowuşmagy ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Günüň başynda öň çözgüdini tapyp bilmedik meseläňiziň çözülmegi mümkin. Ýöne bu gezek adaty usullardan peýdalanmak ýeterlik bolmaz. Täze çemeleşmäni synap görmek we köpden bäri ulanmaýan başarnyklaryňyzy ýatlamak peýdaly bolar. Täze pikirler möhüm işleriňizi öňe ilerletmäge kömek eder.Maliýe ýagdaýyňyz umuman, durnukly bolar. Garaşýan uly möçberli puluňyz meýilleşdirilen wagtdan gijräk gelip biler. Şeýle gijikme alada üçin sebäp bolmaly däl. Wakalaryň öz akymyna gelişine sabyrly garaşmak has peýdaly bolar. Garaşylmadyk çeşmelerden hem girdeji almak mümkinçiligi bar.Agşam ýakymly sowgatlara, duşuşyklara we garaşylmadyk çakylyklara garaşyp bilersiňiz. Köpden bäri görmek isleýän adamyňyz bilen duşuşmak mümkinçiligi dörär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Günüň başynda ýüze çykjak täze pikirleriňize aýratyn üns beriň. Olary derrew we ýeke özüňiz amala aşyrmak kyn bolup biler, şonuň üçin ilki bilen pikirdeşleri tapmak zerurdyr. Ýaranlary gözlemek başlangyçda biraz kyn görünse-de, siz bu işi üstünlikli ýerine ýetirersiňiz.Agşam sagat bäşden soň dostlukly we resmi däl duşuşyklar üçin amatly döwür başlanar. Garaşylmadyk çakylyk alyp, täze adamlar bilen tanyşmagyňyz mümkin. Olaryň arasynda ruhy taýdan size ýakyn adam bolup biler. Täze duýgular romantik dowam alyp, umumy meýilnamalaryň döremegine sebäp bolup biler.Öýde galan ýagdaýyňyzda hem agşamy ýakymly geçirersiňiz. Halaýan işiňiz ýa-da asuda dynç alyş güýçleriňizi dikeltmäge kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Öňüňizde duran işi çalt tamamlamak kyn bolup biler. Käbir gijikmeler ýüze çykyp, adatça goldawyna bil baglaýan adamyňyz öz işleri bilen meşgul bolup biler. Şeýle ýagdaýda özbaşdak hereket etmegi dowam etdiriň we işleriňizi ýerine ýetirmek üçin goşmaça wagt goýuň.Döredijilikli çemeleşmäni talap edýän işler üçin günüň ortalary aýratyn amatly bolar. Siz adaty bolmadyk çözgütleri synap görmäge taýýar bolarsyňyz. Öňden gelýän usullardan daşlaşyp, täze pikirleriňizi durmuşa geçirmek mümkinçiligi hem dörär.Maliýe meselelerinde seresaplylyk zerurdyr. Zerurlygy bolmadyk zatlara ep-esli pul harçlamak töwekgelçiligi bar. Şonuň üçin öňünden meýilleşdirilen satyn alyşlar bilen çäklenmek maslahat berilýär. Bu wagt romantik duşuşyklar üçin hem amatly bolar. Şu wagta çenli diňe internet ýa-da telefon arkaly habarlaşan adamyňyz bilen ilkinji şahsy duşuşygyňyz bolup biler. Ol siziň göz öňüne getirişiňizden hem özüne çekiji bolup biler.Söýýän adamy bilen köpden bäri bile ýaşaýan Daluwlara agşam ýakymly pursatlar garaşýar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň birinji ýarymynda hiç kime wada bermezlige çalşyň. Soňundan ýerine ýetirmek kyn boljak çynlakaý borçnamalary öz üstüňize almak töwekgelçiligi bar. Bu maliýe meselelerine hem degişli. Uzak möhletli karz almak baradaky karary kabul etmäge howlukmaň. Günüň başynda esasy maksatlaryňyzy kesgitläň..Günortandan soň kärdeşleriňiz we ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Siziň hereketleriňiz hemmelere düşnükli bolmaz, siz bolsa olary jikme-jik düşündirmek islemersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda söýýän adamyňyz bilen aragatnaşyk ýakymly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
