JEMGYÝET

Türkmenistan Antalýadaky COP 31 maslahatynyň sergisine gatnaşar

Şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawiliony gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilionyna ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda ýurtda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanylan halkara sergisine ýurduň milli pawiliony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy berkeýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk we nebitgaz geňeşçileri wezipä bellendi

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler