DÜNÝÄ

Türkiýe Feridun Sinirliogluny BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaşgärlige hödürledi

Türkiýe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Feridun Sinirliogluny Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi. Bu barada Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekiliniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklaryna iberen hatynda aýdylýar.

«Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Feridun Sinirliogluny BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaşgär hökmünde hödürleýän hatyny ibermek meniň üçin uly hormatdyr» diýlip, resminamada bellenilýär.

BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti 31-nji dekabrda tamamlanýar. Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary ara alyp maslahatlaşmalaryň we reýting ses berişlikleriniň netijesinde geljek bäş ýyl üçin bu wezipä hödürlenjek bir dalaşgäri saýlamaly bolarlar. Şondan soň BMG-niň Baş Assambleýasynda ses berişlik geçirilip, guramanyň täze Baş sekretary saýlanar.

Häzirki wagtda Sinirlioglu bilen birlikde bu wezipä beýleki dalaşgärler hem hödürlenýär. Olaryň hatarynda Halkara atom energiýasy agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Rafael Grossi (Argentina), BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan (Kosta-Rika), Ekwadoryň öňki daşary işler we goranmak ministri Mariýa Fernanda Espinosa Garses, Gaýananyň BMG-däki hemişelik wekili Karolin Rodriges-Birkett, Ekwadoryň ABŞ-daky we Fransiýadaky öňki ilçisi Iwonn Baki, Ugandanyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Olara Otunnu hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Lana Zaki Nuseýbe bar.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Awazadaky halkara sammitlere taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ýörite wekili bilen duşuşdy