JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.

Başlyklygynyň şu sammtiden soňra Azerbaýjandan Türkiýe Respublikasyna geçýän Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan başlyklyk etdi.

Bu sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, şeýle hem guramanyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

 

Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideri uly şahsy goşant goşýar.

Related posts

Hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlaýarys!

Külltürel Etkinlikler devam ediyor

vepa

Modeller öýleriniň arasynda bäsleşik