SPORT

11 ýaşly gyz halkara küşt ussady boldy we 38 ýyllyk rekordy täzeledi

Beýik Britaniýanyň wekili, 11 ýaşly Bodhana Siwanandan halkara küşt  ussady diýen ada eýe bolan iň ýaş küştçi boldy. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär.

Siwanandan 1988-nji ýylda 12 ýaşynda şeýle ada eýe bolan wenger küştçisi Ýudit Polgaryň rekordyny täzeledi. Halkara ussady bolmak üçin Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) reýtinginde 2 400 utuk gazanmak zerur.

Siwanandan açyk kategoriýada halkara ussady diýen ada eýe bolan iň ýaş 7 küştçiniň hataryna girdi. Bu ugurdaky rekord Russiýanyň wekili Roman Şogžiýewe degişlidir. Ol 2025-nji ýylda 10 ýaş 3 aý 21 günlük wagtynda şeýle netijäni gazandy.

Sentýabryň ahyrynda Samarkantda geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyndan soň Siwanandan zenanlar arasynda iň ýaş grossmeýster boldy. Şondan öň bu rekord, ozal Ukrainanyň adyndan çykyş eden, 2014-nji ýyldan bäri bolsa Russiýa wekilçilik edýän Ýekaterina Lagno degişlidi. Ol bu ada 2002-nji ýylda, 12 ýaş 4 aýlyk wagtynda eýe bolupdy.

Şeýle hem Siwanandan Beýik Britaniýanyň zenanlar arasynda iň ýaş küşt çempiony bolmagy başarypdy. Şeýlelikde, ol 1939-njy ýylda 13 ýaşynda çempion bolan Eleýn Pritçardyň rekordyny hem täzeledi.

Related posts

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

“El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary nobatdaky gezek ýeňiş gazandy