Halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, medeni mirasy dünýä ýaýmakda we ýurtlaryň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden tanatmakda halkara metbugat hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentliginiň (TGA) hem-de Türk Howa Ýollarynyň guramagynda 10 sany türkmen metbugat işgäriniň gatnaşmagynda Türkiýäniň Balykesir we Çanakkale sebitlerine amala aşyrylan syýahatymyz aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Bu syýahat diňe bir täze ýerleri görmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkiýäniň baý taryhy, özboluşly medeniýeti, asyrlaryň dowamynda kemala gelen däpleri hem-de tebigy gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Syýahatymyzyň dowamynda Ramazan Çeliktürk we ýerli hünärmenleriň gürrüňleri, taryhy ýadygärliklerde alan maglumatlarymyz we tebigatyň goýnunda başdan geçiren täsirli pursatlarymyz bu gezelenji ýatdan çykmajak tejribä öwürdi.Balykesiriň zeýtunçylyk däplerinden başlanan ýolumyz Kazdaglarynyň ajaýyp tebigatyna, Assos bilen Troýanyň gadymy mirasyna, soňra bolsa Çanakkaleniň gahrymançylykly taryhyna alyp bardy. Her bir duralga özboluşly mazmuny, taryhy ähmiýeti we galdyran täsirleri bilen syýahatymyzyň umumy mazmunyny baýlaşdyrdy.


Syýahatymyzyň ilkinji günleri Balykesirde başlandy. Tebigatyň gözelligi bilen sazlaşykly ýerleşen Düşler jülgesindäki restoranynda geçiren pursatlarymyz gezelenjimiziň ýakymly başlangyjyna öwrüldi. Töweregi gurşap alan ýaşyllyk, arassa howa tebigatyň gözelligini duýmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde dynç almak bilen bir hatarda, ýerli aşhananyň aýratynlyklary we sebitiň ýaşaýyş medeniýeti bilen hem ýakyndan tanyşdyk.

Balykesir Türkiýäniň zeýtunçylyk we zeýtun ýagyny öndürmek däpleri bilen tanalýan sebitleriniň biridir. Bu toprakda zeýtun diňe bir oba hojalyk önümi bolman, eýsem, ýerli halkyň ýaşaýyş medeniýetiniň, zähmet däpleriniň we nesilden-nesle geçirilýän tejribesiniň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär.Balykesiriň Edremit etrabynda ýerleşýän Adatepe Zeýtun Ýagy muzeýi syýahatymyzyň ähmiýetli duralgalarynyň biri boldy. 2001-nji ýyldan bäri işleýän bu muzeý Türkiýäniň zeýtun ýagynyň önümçilik taryhyny tanyşdyrýan ilkinji zawod-muzeýleriniň biri hökmünde tanalýar.Taryhy önümçilik binasynda ýerleşýän muzeý geçmişiň zähmet tejribesini we önümçilik medeniýetini häzirki nesillere ýetirmek maksadyna hyzmat edýär. Bu ýerde öňki döwürlerde ulanylan zeýtun sykýan enjamlar, hasyly ýygnamak üçin gurallar, zeýtun ýagyny daşamakda we saklamakda peýdalanylan gaplar, şeýle hem sabyn öndürmek bilen bagly esbaplar görkezilýär.Muzeý bilen tanyşlygyň dowamynda zeýtun ýagynyň öndürilişiniň dürli tapgyrlary, ýagyň süzülip alynmagy we saklanyşy, däp bolan önümçilik usullarynyň aýratynlyklary barada maglumat aldyk.

Şeýle-de zeýtun ýagyndan sabyn öndürmegiň taryhy däpleri bilen tanyşmak mümkin boldy.Bu ýerde görenlerimiz zeýtunçylygyň diňe bir önümçilik işi däldigine, eýsem, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşen zähmet tejribesini, ýerli ýaşaýyş medeniýetini we tebigat bilen sazlaşykly durmuşy özünde jemleýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Adatepe muzeýi geçmiş bilen şu günüň arasynda özboluşly köpri bolup, sebitde zeýtunçylyk medeniýetiniň kemala geliş taryhyny açyp görkezýär.

Edremitde zeýtun ýagy festiwaly
Balykesirdäki syýahatymyzyň ýene bir täsirli pursady Edremitde geçirilen zeýtun ýagy festiwalyna gatnaşmak boldy. Bu festiwal diňe bir ýerli önümleriň tanyşdyrylýan çäresi bolman, eýsem, sebitiň zähmet däplerini, önümçilik tejribesini we medeni aýratynlyklaryny dabaralandyrýan ähmiýetli waka hökmünde hem tapawutlanýar.Festiwal bilen tanyşmak arkaly zeýtun ösdürip ýetişdirmegiň, hasyly ýygnamagyň we zeýtun ýagyny öndürmegiň ýerli halkyň durmuşyndaky ornuna has ýakyndan göz ýetirdik. Festiwal sebitiň tebigy baýlyklary bilen zähmet däpleriniň özara baglanyşygyny açyp görkezmek bilen, Balykesiriň syýahatçylyk keşbini has-da baýlaşdyrýar.

Syýahatymyzyň iň ýatda galyjy tapgyrlarynyň biri Kazdaglarynda geçirilen jeep safari boldy. Belent daglar, gür tokaýlar, çeşme suwlary we biri-birinden owadan tebigy görnüşler bu gezelenje aýratyn öwüşgin çaýdy.Ida daglary ady bilen hem tanalýan Kazdaglary Egeý deňziniň demirgazyk bölegine ýakyn ýerleşýän daglyk sebitdir. Baý tebigaty, tokaýlary we özboluşly bilen tapawutlanýan bu ýer gadymy rowaýatlar bilen hem baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Kazdaglary diňe bir tebigy gözelligi bilen däl, eýsem, medeni we taryhy mirasy bilen hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Jeep safari wagtynda bize ýolbeletlik eden Ramazan Çeliktürküň we Göksel Genjiliniň goldawy hem-de gürrüňleri gezelenjimiziň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Ýol ugrunda gabat gelen ýerlerimiz, daglaryň tebigy aýratynlyklary, ýerli rowaýatlar we sebitiň özboluşlylygy barada alan maglumatlarymyz tebigata bolan garaýşymyzy has-da baýlaşdyrdy.Gezelenjiň dowamynda Aglaýan Çam, Aýy Gölü we Aýna Terasy ýaly ýerler aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň her biri özboluşly tebigy keşbi bilen tapawutlanýar.

Bu gezelençde ýadymyzda aýratyn galan zatlaryň biri Aglaýan Çam bilen baglanyşykly rowaýat boldy. Göksel Genjiliniň gürrüň bermegine görä, gadym zamanlarda uly bir tokaýda dürli agaçlar agzybirlikde we dostlukda ýaşapdyr. Günleriň birinde tokaýda güýçli ýangyn döräp, agaçlaryň köpüsi ýanyp kül bolupdyr. Şol ýangyndan diňe bir uly we kuwwatly çam agajy aman galypdyr.

Wagtyň geçmegi bilen bu ýer ýene-de ýaşyllyga bürenip, täze tokaýlyk emele gelipdir. Emma rowaýata görä, aman galan çam agajy belli döwürlerde göwdesinden suw damjalaryny akdyrypdyr. Halk arasynda bu damjalar agajyň ýangynda ýitiren dostlary üçin dökýän gözýaşlary hökmünde düşündirilýär. Şol sebäpli hem oňa «Aglayan Çam», ýagny «Aglaýan çam» diýlip at berlipdir.Bu rowaýat tebigatyň gözelliginiň arasynda dostluk, wepalylyk we ýitgi ýaly ynsanperwer duýgularyň hem öz beýanyny tapýandygyny görkezýär. Rowaýatda beýan edilýän täsinligi öz gözlerimiz bilen görmek we bu barada Göksel Genjiliden gürrüň diňlemek metbugat toparymyz üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.


Kazdaglarynda geçiren günümiz bize tebigatyň diňe bir gözellik çeşmesi bolman, eýsem, taryhy ýatlamalaryň, halk döredijiliginiň we nesilleriň arasynda dowam edýän gürrüňleriň hem mekanydygyny duýmaga mümkinçilik berdi. Bu gezelenç tebigy baýlyklary gorap saklamagyň we olaryň gymmatyny geljekki nesillere ýetirmegiň möhümdigini hem ýatlatdy.

Assos: gadymy siwilizasiýanyň yzlary
Balykesirden Çanakkale tarap dowam eden syýahatymyzyň möhüm duralgalarynyň biri Assos gadymy şäheri boldy. Egeý deňziniň kenaryna ýakyn, belent depäniň üstünde ýerleşýän bu gadymy şäher taryhy ýadygärlikleri, binagärlik aýratynlyklary we deňziň ajaýyp görnüşleri bilen tapawutlanýar.

Assosyň taryhy gadymy döwürlere, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra uzaýar. Onuň amatly geografik ýerleşişi şäheriň gadymy döwürde söwda, medeniýet we jemgyýetçilik durmuşy taýdan ähmiýetli merkezleriň birine öwrülmegine şert döredipdir.Gadymy şäheriň iň möhüm ýadygärlikleriniň biri onuň belent nokadynda ýerleşýän Afiny ybadathanasydyr. Şäheriň gorag diwarlarynyň, agora meýdançasynyň, teatrynyň, nekropolynyň we beýleki desgalarynyň galyndylary gadymy döwürleriň binagärlik medeniýeti barada düşünje berýär.

Assosyň taryhy ähmiýeti diňe bir onuň binagärlik mirasy bilen çäklenmeýär. Meşhur filosof Aristoteliň bu ýerde ýaşap, filosofik mekdep döredendigi baradaky maglumatlar hem şäheriň gadymy dünýäniň ylmy we intellektual durmuşyndaky ornuny görkezýär. Assosda taryhy ýadygärlikleri synlap, gadymy adamlaryň durmuşyny, dünýägaraýşyny we döredijilik ukybyny göz öňüne getirmäge çalyşdyk. Bu ýerde geçmişiň yzlary bilen häzirki günüň tebigy gözelligi özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Gadymy şäheriň deňiz bilen utgaşýan görnüşi syýahatymyzyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy.

Troýa: rowaýat bilen taryhyň duşuşýan ýeri
Çanakkalede baryp gören iň meşhur taryhy ýerlerimiziň ýene biri Troýa Antik Kenti boldy. Dünýä edebiýatynda we gadymy rowaýatlarda giňden tanalýan bu şäher müňýyllyklaryň dowamynda dürli siwilizasiýalaryň yzlaryny özünde saklap gelýär. Troýanyň taryhy takmynan dört müň ýyl mundan ozal başlanyp, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde dürli döwürlere degişli birnäçe şäher gatlagynyň bolandygy ýüze çykaryldy. Gadymy şäher 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Onuň ähmiýeti diňe bir meşhur rowaýatlar bilen däl, eýsem, Anadoly bilen Egeý deňzi sebitleriniň gadymy siwilizasiýalarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň yzlaryny saklaýandygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Troýa, esasan, gadymy grek şahyry Gomeriň «Iliada» eserinde beýan edilýän Troýa söweşi baradaky rowaýat bilen dünýä tanalýar. Asyrlaryň dowamynda şäheriň ady edebiýatda, sungatda we taryhy gözleglerde aýratyn orun eýeläpdir.Troýanyň taryhy galyndylarynyň arasynda gezelenç etmek geçmişiň diňe kitaplarda beýan edilýän wakalardan ybarat däldigini, eýsem, şol wakalaryň yzlarynyň şu gün hem ylmy taýdan öwrenilýändigini duýmaga mümkinçilik berdi.

Bu ýerde taryh bilen rowaýatyň, ylmy gözlegler bilen medeni mirasyň özara baglanyşygy aýdyň duýulýar.Troýa atynyň öňünde düşen suratlarymyz hem syýahatymyzyň ýakymly ýatlamalarynyň birine öwrüldi. Bu pursat diňe bir ýadygärlik suraty bolman, eýsem, dünýä medeniýetinde möhüm orun eýeleýän taryhy giňişlikde bolmagyň aýratyn duýgusyny hem özünde jemledi.

Çanakkale: gahrymançylykly taryhyň öňünde
Syýahatymyzyň dördünji güni Çanakkaleniň harby taryhy bilen baglanyşykly ýerleri görmek bilen dowam etdi. Bu sebit Birinji jahan urşy döwründe bolup geçen Çanakkale söweşleri bilen dünýä taryhynda möhüm orun eýeleýär. Gelibolu ýarymadasyndaky ýadygärlikler, muzeýler we taryhy meýdançalar şol döwrüň agyr wakalaryny, esgerleriň edermenligini hem-de urşuň ynsan ykballaryna ýetiren täsirini ýatladýar.

Siper muzeýi: söweş döwrüniň kynçylyklaryny duýmak
Çanakkale söweşleriniň taryhyny has ýakyndan duýmaga mümkinçilik beren ýerleriň biri goranyş ýerleri we meýdan hassahanasynyň şertlerini janlandyrýan taryhy giňişlik boldy. Bu ýerde söweş meýdanyndaky ýagdaýlar, esgerleriň ýaşaýyş şertleri, ýaralanan adamlara kömek bermek üçin döredilen ýerler şekiller we sesli görkezilişler arkaly beýan edilýär. Goranyş ýerleri gurluşy, söweşiň dartgynly pursatlary hem-de ýaralanan esgerlere lukmançylyk kömeginiň berlişi baradaky sahnalar şol döwrüň nähili agyr bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem söweş döwründe Hilal-i Ahmeriň, häzirki Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý guramasynyň, ýaralanan esgerlere kömek bermekde ýerine ýetiren işi barada düşünje almak bolýar.Bu ýerde görenlerimiz diňe bir taryhy maglumatlar hökmünde kabul edilmedi. Wakalaryň janlandyrylyşy, esgerleriň ýagdaýyny görkezýän şekiller we şol döwrüň atmosferasyny döredýän sesler bizi çuňňur oýlandyrdy. Urşuň diňe meýdan söweşlerinden ybarat däldigine, onuň aňyrsynda müňlerçe ynsan ykbalynyň, maşgalalaryň hasratynyň we ömürlik ýatlamalaryň bardygyna has aýdyň göz ýetirdik.

Gelibolu: taryhy ýatlamalar we ynsanperwerlik sapaklary
Gelibolu sebitindäki taryhy muzeýler bilen tanyşlyk hem syýahatymyzyň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Bu ýerde Çanakkale söweşlerine degişli maglumatlar, taryhy şekiller we wakalary janlandyrýan görkezilişler arkaly şol döwrüň şertleri barada düşünje almak mümkin boldy.Muzeýlerde görkezilýän maglumatlar diňe bir harby wakalary beýan etmän, eýsem, söweşiň adamlaryň gündelik durmuşyna, beden we ruhy ýagdaýyna ýetirýän täsirini hem açyp görkezýär. Esgerleriň çekýän kynçylyklary, ýaralananlara kömek etmek üçin alnyp barlan işler we adamlaryň ýaşaýyş üçin göreşi taryhy maglumatlara ynsanperwer mazmun berýär. Siper muzeýinde we Geliboludaky taryhy giňişliklerde görenlerimiz bizi çuňňur tolgundyrdy. Taryhyň şeýle agyr sahypalary bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, geçmişde bolup geçen wakalara diňe sanlar we seneler hökmünde garamak mümkin däl. Her bir sahnanyň aňyrsynda öz arzuwlary, ýakynlary we geljege bolan umytlary bilen ýaşan adamlar dur.

Şeýle ýerler geçmişi ýatlamak bilen çäklenmän, parahatçylygyň, ynsan ömrüniň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nähili gymmatlydygyny hem ýatladýar.Syýahatymyzyň iň duýguly pursatlarynyň biri Gelibolu ýarymadasynda ýerleşýän Çanakkale Şehitler ýadygärlikler toplumynda baryp görenimizde başdan geçirildi. Çanakkale söweşlerinde wepat bolan esgerleriň hatyrasyna bina edilen bu ýadygärlik Türkiýäniň taryhy we milli ýatlamalarynda aýratyn orun eýeleýär.

Ýadygärligiň düýbi 1954-nji ýylyň 17-nji aprelinde tutulyp, ol 1960-njy ýylyň 21-nji awgustynda açylypdyr. Taslamasy arhitektorlar Dogan Erginbaş, İsmail Utkular we Feridun Kip tarapyndan taýýarlanypdyr. Onuň binagärlik keşbi we binanyň aýaklarynda ýerleşýän söweş pursatlaryny şekillendirýän relýefler geçmişiň gahrymançylykly wakalaryny ýatladýar. Toplumyň öňünde duranyňda, bu ýeriň diňe bir binagärlik desgasy däldigine düşünýärsiň. Ol edermenligiň we Watana bolan söýginiň nyşanydyr. Bu ýerde wepat bolan esgerleriň hatyrasyna hormat goýmak bilen birlikde, parahat durmuşyň gymmaty barada hem çuňňur oýlanýarsyň.

Balykesirden Çanakkale çenli dowam eden bu syýahat biziň üçin diňe bir geografik ugur boýunça amala aşyrylan ýolagçylyk bolman, eýsem, taryhyň, medeniýetiň, tebigatyň we ynsanperwer gymmatlyklaryň arasynda geçirilen täsirli açyş boldy.
Adatepe Zeýtun Ýagy muzeýinde geçmişiň önümçilik däpleri bilen tanyşdyk, Edremitde sebit halkynyň zähmetini we zeýtunçylyk medeniýetini dabaralandyrýan festiwala gatnaşdyk. Kazdaglarynda tebigatyň täsin gözelligini synlap, Göksel Genjiliniň gürrüňlerinden gyzykly maglumatlary öwrendik. Assos bilen Troýanyň gadymy mirasy bolsa bizi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen siwilizasiýalaryň yzlaryna alyp gitdi.

Çanakkalede taryhyň has agyr, ýöne örän möhüm sahypalary bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Siper muzeýinde we Geliboludaky taryhy giňişliklerde görenlerimiz, Çanakkale Şehitler toplumynda başdan geçiren duýgularymyz bu syýahatyň ýadymyzda aýratyn orun eýelemegine sebäp boldy. Bu gezelenç bize diňe bir täze ýerleri tanatmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli adamlaryň durmuşyna, däplerine we dünýägaraýşyna has ýakyndan düşünmäge mümkinçilik berdi. Syýahatyň dowamynda Ramazan Çeliktürk bilen tanyşmak, onuň goldawyny duýmak we ýerli medeniýet bilen bagly maglumatlary öwrenmek ýolagçylygymyzyň ýakymly ýatlamalarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem Göksel Genjiliniň tebigat, daglaryň aýratynlyklary we ýerli rowaýatlar baradaky gürrüňleri Kazdaglarynda geçiren gezelenjimize aýratyn many goşdy.

Şeýle duşuşyklar halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi ösdürmekde we medeni ýakynlygy berkitmekde şahsy gatnaşyklaryň hem möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Metbugat işgärleri üçin şeýle syýahatlaryň ähmiýeti has-da uludyr. Sebäbi göreniňi öz gözüň bilen görmek, maglumatlary ýerinde öwrenmek we şol täsirleri okyjylar bilen paýlaşmak taýýarlanylýan makalalaryň mazmunyny baýlaşdyrýar.

Bu saparyň dowamynda toplan maglumatlarymyz we başdan geçirenlerimiz geljekde taýýarlajak makalalarymyz üçin hem gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.Halkara metbugat hyzmatdaşlygy ýurtlaryň diňe bir syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanatmak bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasynda özara düşünişmegi, medeni ýakynlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam berýär. Türkiýäniň Balykesir we Çanakkale sebitlerine amala aşyrylan bu syýahat hem şol maksada hyzmat edýän ähmiýetli tejribä öwrüldi.
