Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasynda bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Žaparow bu barada Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň VIII Konsultatiw duşuşygynda (C5+1) aýtdy.
Onuň sözlerine görä, syýahatçylyk ugurlaryny «bir syýahat — birnäçe ýurt» ýörelgesi esasynda döretmek, şeýle hem ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizmegiň mehanizmini işläp taýýarlamak maksadalaýyk bolar.
Žaparow umumy syýahatçylyk giňişliginiň döredilmeginiň sebit halklarynyň ýakynlaşmagy üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň biri-biriniň üstüni ýetirýän syýahatçylyk mümkinçilikleri bar.
«Taryhy şäherler, daglyk we Hazarýaka ugurlary, baý medeni miras Merkezi Aziýany we Azerbaýjany syýahat üçin özüne çekiji ugur hökmünde öňe sürmek boýunça tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berýär», diýip Gyrgyzystanyň Prezidenti nygtady.
Ol Gyrgyzystanyň ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizmek baradaky başlangyjynyň mundan beýläk-de goldanylmagyna umyt bildirdi. «Biz daşary syýasat edaralarymyza ony durmuşa geçirmegiň anyk mehanizmlerini işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip edýäris», diýip Žaparow aýtdy.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ýeke-täk elektron söwda meýdançasyny döretmegi hem teklip edýär.
Onuň sözlerine görä, elektron söwdany goldamak we ösdürmek dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän ugurlarynyň biridir.
Ol şeýle platformanyň sarp edijileriň we işewürleriň sebit ýurtlarynda öndürilýän harytlara has giň elýeterliligini üpjün etjekdigini belledi.
«Her bir ýurduň özboluşly milli önümlerini nazara almak bilen, bu platforma sebit önümleriniň giň görnüşlerini birleşdirip we olaryň bazarda öňe sürülmegi üçin täze mümkinçilikleri döredip biler», diýip Prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
