JEMGYÝET

Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşi

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar.

Related posts

“Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Täze Zelandiýa we Tunise ilçi belledi

BM Genel Sekreteri, Hazar anlaşmasından memnun

vepa