JEMGYÝET

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden bellendi

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda harby ýöriş we dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu giň gerimli çärelere “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Döwletimiziň baş baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem çärede Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşlar, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly watandaşlar gatnaşdylar.

Harby ýörişden soňra baýramçylyk ýörişi dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşi öz beýanyny tapdy.

Dabaraly ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aýratyn orun eýeledi. Mukaddes Tugumyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, halkymyzyň jebisliginiň we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň nyşany hökmünde belentde pasyrdady.

Baýramçylyk maksatnamasynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary we sungaty hem giňden görkezildi. Ahalteke bedewleri, döredijilik toparlarynyň çykyşlary we ýaşlaryň gatnaşmagyndaky dabaralar ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklaryna bolan belent hormaty beýan etdi.

Related posts

RoŽdestwo bazary

vepa

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Karsu Aşkabat’ta Konser verecek

vepa