SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk-buýsanjymyz

Türkmen döwleti öz garaşsyz ösüşiniň nobatdaky täze tapgyryna gadam basmak bilen, ynamly we okgunly öňe barýar. Şu günler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli derejedäki çäreler giň gerime eýe bolýar.

Paýtagtymyz Aşgabadyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi we möhüm kararlar kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny gazanmagy ýurdumyzyň taryhynda täze eýýamyň başlanandygyny alamatlandyrdy. 1991-nji ýylyň güýzünde gazanylan Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz döwlet gurluşyny, ykdysady ösüş ugruny, durmuş syýasatyny we halkara gatnaşyklaryny milli bähbitleriň esasynda özbaşdak kesgitlemäge giň mümkinçilik berdi. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda ynamly goşuldy.

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginiň möhüm ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugur boýunça halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olara ýerli we daşary ýurtly telekeçiler uly höwes bilen gatnaşýarlar, özara tejribe alyşýarlar. Soňky ýyllarda hususy pudagyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýy yzygiderli artýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenilmegi bu ulgamda täze belentliklere tarap ugur alynýandygyny tassyklaýar. Hususy gurluşyk düzümi döwlet ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Häzir ýerli telekeçiler ägirt uly gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýarlar. Mysal üçin, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dolulygyna ýerli telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binalarynyň we durmuş infrastrukturasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýandygy, hatda şäher gurluşygynda peýdalanylan serişdeleriň agramly böleginiň ýerli kärhanalarda öndürilendigi hususy pudagyň tejribesiniň artyp, amal edýän işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Geçen döwürde birleşmäniň agzalarynyň sanynyň 30 müňe golaýlamagy, olar tarapyndan 22 müň 500-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýyl ykdysadyýete gönükdirilmegi göz öňünde tutulan maýa goýum serişdeleri, takmynan, 41,2 milliard manat möçberinde kesgitlenildi. Türkmenistan ykdysadyýetiň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dokma senagatynyň maddy-tehniki binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, ykdysady taýdan has bähbitli täze önümçilikler gurulýar, dolandyryş-marketing işi kämilleşdirilip, pudagyň işine öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän «ak altyna» deňelýän pagtadan öndürýän ýokary hilli önümlerimiz öz içerki bazarlarymyzda bolşy ýaly, dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolýar. Aşgabat, Gökdepe, Gypjak, Ruhabat, Kaka, Bäherden, Babadaýhan, Baýramaly dokma toplumlarynyň «Goza», «Gala», «Bürgüt» ýaly birnäçe önümleri, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly döwrebap egin-eşikleri, Aşgabat şäherindäki «Ahal», Mary welaýatyndaky «Ýeňiş», Daşoguz welaýatyndaky «Çeper», Lebap welaýatyndaky Türkmenabat tikin fabrikleriniň, Aşgabadyň panbarhat fabriginiň «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgiler bilen öndürýän ajaýyp önümleri hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy, iň esasy-da, adam bedenine ýaramlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň durnukly ösüşinde halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygyň uly orun eýeleýändigini Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan netijeli işler aýdyň subut edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürler maslahatlary geçirilmelidir» diýip nygtaýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de ýurdumyzy ýakyn we uzak ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýerli önümçilikleri goldamak, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary maliýeleşdirmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär.

Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry ykdysadyýetiň pudaklaryny we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Innowasion ykdysadyýet we ösen senagat ulgamy ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda düýbünden täzeçil çemeleşmeleri talap edýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ylym-bilimiň we önümçiligiň berk arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi ýaşlaryň öz saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine we sanly ykdysadyýet üçin zerur tehnologiýalary, innowasion çözgütleri doly derejede işläp taýýarlamaklaryna mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir okuw maksatnamalarynyň täzelenmeginde däl, eýsem, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen barlaghanalar, bilim merkezleri, elektron kitaphanalar ýaly öňdebaryjy düzümleriň döredilmeginde-de jemlenýär. Eziz Diýarymyzyň nebitgaz pudagyny döwrebap ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de uglewodorod gorlaryny netijeli özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäginde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlarynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynda giň gerimli halkara taslamalary durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň baş ugry bolup durýar.

Maýagözel Ataýewa,

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy. 

 

Related posts

Oba hojalykda tehnikalaryň topragy dykyzlandyryşynyň ylmy esaslary

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Hozuň adam saglygyna peýdaly ähmiýeti