Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň bir topary FLEX (Future Leaders Exchange) maksatnamasynyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýola düşdi.
FLEX — ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän halkara alyş-çalyş maksatnamasydyr.
Bäsleşik esasynda saýlanan mekdep okuwçylary ABŞ-da bir okuw ýylynyň dowamynda amerikan mekdebinde bilim alýarlar we ýerli kabul ediji maşgalalarda ýaşaýarlar.
Maksatnama ýaşlara diňe bir bilim almak däl, eýsem, iňlis dilini kämilleşdirmek, amerikan jemgyýeti we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak, liderlik ukyplaryny ösdürmek hem-de öz ýurdunyň medeniýetini tanatmak mümkinçiligini berýär.
Türkmenistan FLEX maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň biridir.
