Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başlangyjy Hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň köpüsine ýakymly täsirleri getirer, emma şol bir wagtyň özünde üns berilmegini talap edýän täze işler we wezipeler hem ýüze çykyp biler. Soňky döwürde diňe gündelik we birmeňzeş işler bilen meşgullanan Hamallara täze ugra geçmek üçin amatly mümkinçilik dörär. Şeýle ýagdaýda siz aljyramarsyňyz we öz mümkinçilikleriňizi doly görkezersiňiz. Siziň üstünlikleriňize täsirli adamlaryň üns bermegi ahmal. Şonuň netijesinde ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk baradaky gyzykly teklibiň gelmegi mümkin.Günüň ilkinji ýarymy öý meselelerini çözmek, maşgala bilen bagly işleri tertipleşdirmek we ýakynlaryňyza kömek etmek üçin hem amatlydyr.Agşam kiçi syýahatlar we daş-töweregiňizi üýtgetmek üçin amatlydyr. Şeýle üýtgeşiklik size ruhy taýdan oňyn täsir eder. sowgatlar ýa-da üns alamatlary sizi begendirip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siz diňe özüňiz üçin däl, eýsem töweregiňizdäkiler üçin hem köp peýdaly işleri ýerine ýetirip bilersiňiz. Gün aýratyn-da gündelik işleri döredijilikli çemeleşip çözmegi başarýan Sowurlar üçin netijeli geçer. Şeýle hem täze zatlary synap görmek, dürli usullary ulanmak peýdaly bolar. Bu gün peýdaly tanyşlyklar üçin hem örän amatlydyr. Esasan hem günüň ortalarynda täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin mümkinçilikler köpeler. Hünär bilen bagly çäreleriň birine gatnaşsaňyz, täze hyzmatdaşlary we kömekçileri tapyp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda duýgy ýagdaýy birneme dartgynlaşyp biler. Käbir täsirlenjeň Sowurlaryň keýpi bozulmagy ýa-da geçmişde galan käbir meseleleriň ýene-de ýada düşmegi ähtimal. Şeýle ýagdaýda ähli kynçylygy ýeke özüňiz çözmäge synanyşmagyň zerurlygy ýok.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün has seresap hereket etmek maslahat berilýär. Siz adatdakydan has gyzma we duýgyňyza çalt berilýän bolup bilersiňiz. Şonuň üçin soňundan ökünip biljek sözleriňizi aýtmakdan ýa-da hereketleri etmekden saklanyň. Käbir Jöwzalar wagtlaýyn duýgularyň täsirine düşüp, öz hereketleriniň geljekde nähili netijelere getirip biljekdigi barada ýeterlik pikirlenmezligi mümkin.Şeýle ýagdaýda möhüm gatnaşyklary kesmek ýa-da köp wagt we güýç sarp eden taslamaňyzdan ýüz öwürmek howpy ýüze çykyp biler. Şonuň üçin öňden taýýarlanan meýilnamalaryňyza mümkin boldugyça eýeriň. Häzirki ýagdaýlar meýilnamalaryňyzy amala aşyrmak üçin doly amatly däl ýaly görünse-de, sabyrlylyk we özüňe erk edip bilmek köp ýalňyşlygyň öňüni alar.Günüň ikinji ýarymy ilkinji ýaryma garanyňda has amatly geçer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün köp işler adatdakydan has gowy başa barar. Ýyldyzlaryň oňyn täsirinden peýdalanyp, möhüm meseleleri çözmäge, öz ýagdaýyňyzy berkitmäge we öňüňizde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge çalşyň. Çylşyrymly sowallaryň käbirine jogap tapmak we dogry karara gelmäge kömek etjek möhüm maglumatlary almak mümkin. Bu bolsa ýaňy-ýakynda amala aşmagy mümkin däl ýaly görünýän işiňizde ep-esli öňe gitmäge mümkinçilik berer.Günüň ilkinji ýarysy işewür gatnaşyklar üçin aýratyn amatlydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün aýratyn ýatda galyjy wakalara baý bolmaz, hatda birneme ýürekgysgynç görünmegi hem mümkin. Şonuň üçin öň başlan işleriňizi tamamlamak üçin amatly pursatdyr.Emma irden işde-de, öýde-de ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Käbir Esetleriň hatda iň ýakyn adamlary bilen hem düşünişmegi kynlaşyp biler. Günüň ikinji ýarymynda hoş habarlaryň gelmegi mümkin. Bu habarlar siziň üçin möhüm bolan iş taslamasyna ýa-da çözülmegine köp güýç sarp edilen maşgala meselesine degişli bolup biler. Öýde kiçiräk baýramçylyk geçirmek üçin hem sebäp döräp biler we şeýle dabaranyň ýakymly geçmegi ähtimal.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün käbir meseleleri garaşyşyňyzdan has çalt çözmegiňiz hem mümkin. Günüň ortalary aýratyn çylşyrymly meseleleri çözmek üçin amatlydyr. Öň bu meseleleri çözüp bilmändigiňiz möhüm däl, häzir olara ýene bir gezek synanyşyp görüň. Bu gezek üstünlik gazanmak ähtimallygyňyz ýokary. Agşam aýratyn hem ondan üýtgeşik we ýatda galyjy wakalara garaşýan Sünbüleler üçin birneme çylşyrymly geçip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Sizi wakalara baý gün garaşýar. Ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler, emma umumy ýagdaýda oňyn täsirler agdyklyk eder. Şonuň üçin päsgelçilikleriň çözgüdini tiz tapyp, çylşyrymly meseleleriň hem hötdesinden üstünlikli gelmegiňiz mümkin.Irden aragatnaşyk üçin örän amatly şertler dörär. Täze tanyşlaryňyzy öz tarapyňyza çekmek size aňsat bolar. Hatda ýakynda garşydaş bolup duran adamlaryň hem sizi goldamagy mümkin. Mundan başga-da, öňki işewür gatnaşyklary dikeltmek üçin hem bu wagt amatlydyr. Ozal bile işleşen adamlaryňyz siziň bilen täzeden hyzmatdaşlyk etmek barada özüňiz üçin peýdaly şertleri teklip edip bilerler.Bu döwürde işi abatlaýyş, gurluşyk we degişli resminamalary taýýarlamak bilen bagly bolan Mizanlar üçin ýyldyzlaryň täsiri aýratyn amatly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün birneme çylşyrymly geçip biler. Emma munuň sebäbi hemme zadyň size garşy bolmagy ýa-da ýagdaýlaryň şowsuz ösmegi däl. Köplenç kynçylygyň esasy sebäbi bolup geçýän wakalara aşa ýiti reaksiýa bildirmegiňiz bolup biler. Käbir Akraplar öň kabul eden kararlarynyň dogrudygyna şübhelenip, geçmişdäki ýalňyşlyklaryny düzetmäge synanyşyp bilerler. Emma şol ýalňyşlyklaryň köpüsi täzeden dolanyp gelmegi talap edýän derejede möhüm däl.Günüň ikinji ýarymynda köp Akraplaryň ýeke galmak islegi güýçlenip biler. Biraz wagt özüňiz bilen ýeke galmak güýjüňizi tygşytlamaga, artykmaç tolgunmalardan we ýakymsyz ýagdaýlardan daşda durmaga kömek eder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Günüň başlangyjy aýratyn hem islän zadyna çalt ýetmäge öwrenişen Kowuslar üçin birneme çylşyrymly bolup biler. Işleriň gijikmegi ýa-da töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlar öýde-de, iş ýerinde-de ýüze çykmagy ähtimal.Emma siz özüňize erk etmek we hoşniýetli garaýşy saklamak size birneme kyn düşer. Emma bu ýagdaýy tiz wagtda gözegçilikde saklap bilseňiz, töweregiňizdäkiler bilen düşünişmegiňiziň aňsatlaşýandygyny we gatnaşyklarda ýene-de sazlaşygyň döreýändigini görersiňiz.Günüň ortalary ýakymly geçer we möhüm işler üçin amatly bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Gün aýratyn ýakymly ýagdaýda başlamazlygy mümkin. Emma kän wagt geçmänkä oňyn täsirler özüni görkezip başlar. Irden siziň üçin iň möhüm zat howlukmaç netije çykarman, ilkinji kynçylykda derrew ruhdan düşmezlikdir.Günüň ilkinji ýarymynda iş bilen bagly käbir meseleler ýüze çykyp biler.Käbir Jediler öň size aragatnaşykda bolmak islemeýän adamlar bilen hem ylalaşyga gelip bilerlersiňiz.Günüň ikinji ýarymy has asuda geçer. Köp Jediler üçin bu döwür birneme ýürekgysgynç bolup biler. Şeýle-de bolsa, täze işe girişmegiň ýerine güýjüňizi dikeltmegi saýlamak has dogry bolar. Köp ýagdaýda içki duýgyňyz size häzir iň gowy zadyň gowy dynç almakdygyny görkezer.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüňizi döredijilik bilen başlaň. Hyýalyňyzy we adaty bolmadyk çemeleşmäni talap edýän meseleleri çözmek üçin irdenki wagt aýratyn amatly bolar. Gowy pikirleriň döremegi mümkin we olary durmuşa geçirmekde köne dostlaryňyz ýa-da işewür hyzmatdaşlaryňyz size kömek ederler.Günüň ortalary uly wakalary, möhüm täzelikleri ýa-da düýpli özgerişleri wada bermeýär. Şeýle-de bolsa, köne işleri tamamlamak we ünsüň jemlenmegini talap edýän işlere girişmek üçin örän amatlydyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bütin günüň dowamynda oňyn täsirler agdyklyk eder. Garaşylmadyk ýakymsyz ýagdaýlardan ýa-da çynlakaý kynçylyklardan gorkmagyň zerurlygy ýok.Soňky döwürde möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolan Hutlar ahyrynda özlerine ýetmezçilik eden goldawy alyp bilerler. Hut şu goldawyň kömegi bilen geçmişdäki kynçylyklary ýeňip geçmek we öňe tarap ynamly ädim ätmek mümkinçiligi dörär.Şeýle hem bu gün täze işlere girişmek üçin hem amatlydyr. Siz olarda üstünlik gazanmagyň ýoluny çalt taparsyňyz. Hatda ýanyňyzda tejribesini paýlaşyp, maslahat berjek adam bolmasa-da, öňüňizde duran wezipeleri özbaşdak üstünlikli çözmegiňiz mümkin.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
