BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Söwda ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy

Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda  göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alyşyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan  sergide Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meyilnamasyna garaldy.

Taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Dr.Döwran Orazgylyjov

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk