JEMGYÝET

«Türkmengaz» bilen «Afghan Gas» tebigy gazy satyn almak babatda ähtnama gol çekdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Şol saparyň maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Geljek ýylda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

Aziýa kubogy Hytaýda geçiriler

vepa