DÜNÝÄ

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Ankarada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) we Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada TOBB-yň resmi saýtynda habar berildi.

TDHÇMB-niň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türk işewürler birleşiginiň merkezi edarasynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Taraplar söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, bankara we birža hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni B2B (işewürden işewüre) gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin täze mehanizmleri döretmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu türkmen tarapyna amala aşyran sapary üçin minnetdarlyk bildirip, söwda meýdançalarynyň utgaşdyrylmagyna, birža söwdasynyň sanlylaşdyrylmagy babatda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de bu ugurda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge TOBB-nyň taýýardygyny nygtady.

Ankarada geçirilen duşuşyk özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we türkmen önümleriniň Türkiýä hem-de Ýewropa bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek ugrunda nobatdaky amaly ädim boldy.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti, şeýle hem, Türkiýäniň Haryt biržasynyň (TÜRİB) elektron ammar şahadatnamalaryny ornaşdyrmak hem-de birža ulgamynda sanly platformany ulanmak boýunça toplan tejribesi bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy