MEDENIÝET

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Şu ýylyň 18-24-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeligi geçirildi.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlar orkestrlerini bir ýere jemlän bu halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde, dürli konsertler, orkestrleriň bäsleşigi, bilelikdäki tejribe sapaklary hem-de dünýä ýurtlarynyň tanymal dirižýorlary tarapyndan ussatlyk sapaklary geçirildi. Çärelere Meksikanyň, Awstriýanyň, Bolgariýanyň, Indoneziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlar orkestrleri, ansambllary we dirižýorlary gatnaşdylar.

Bu halkara sungat hepdeligine ýurdumyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp üstünlikli çykyş etdi.

«Mukam» skripkaçylar toparynyň repertuarynda häzirki wagtda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň 100-e golaý eseri bolup, topara Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark ýolbaşçylyk edýär. Bu topar ýurdumyzyň toý-baýramlarynda üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarynda hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden dabaralandyrýarlar.

«Mukam» skripkaçylar topary Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde orkestrleriň arasynda geçirilen bäsleşikde meşhur nusgawy eserleri joşgunly ýerine ýetirip, emin agzalarynyň ünsüni çekmegi başardy. Tanymal dirižýorlardan, sazandalardan ybarat bolan emin agzalary «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşyna ýokary baha berdiler.

Halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde Sun Çingling adyndaky Hytaý ýaşlar ylmy-medeni merkezinde awstriýaly tanymal dirižýor, professor Kristof Kempestrini tarapyndan «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinli sazandalary üçin ussatlyk sapaklary geçirilip, topara ýörite güwänamanyň, şeýle hem, geçirilen konsertlerde ýerine ýetiren kämil çykyşlary, dünýä döwletlerinden gatnaşan ýaşlaryň arasynda halkara saz we tejribe alyşmakda goşan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy, bu toparyň çykyşlaryna dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 21-nji iýulynda Pekin şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen dabarada bäsleşigiň ýeňijileriniň yglan edilip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar toparynyň «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp bolmagy, topara ýörite diplomyň hem-de kubogyň gowşurylmagy örän buýsançly wakadyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünlikler türkmen medeniýetiniň we sungatynyň halkara giňişligindäki ykrarnamasydyr.

Halkara festiwalyň meýilnamasyna laýyklykda, türkmen skripkaçylar topary Pekin şäheriniň köp adamly abraýly konsert zallarynda çykyş edip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy