SPORT

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Braziliýaly futbolçy Kazemiro Amerikanyň “Inter Maýami” klubynyň oýunçysy boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

34 ýaşly ýarym goragçy bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýylyň iýun aýynyň sonuna çenli niýetlenendir.

Braziliýalynyň soňky kluby 2022-nji ýylyň tomusky möwsüminde geçen “Mançester Ýunaýted” boldy. Bu toparyň düzüminde Kazemiro Liga kubogyny we Angliýanyň kubogyny gazandy.

Şoňa çenli ol Braziliýanyň “San-Paulo”, Portugaliýanyň “Portu” we Ispaniýanyň “Real Madrid” klublarynda oýnady.

Ol “Real” bilen Çempionlar ligasynda bäş gezek ýeňiji boldy. Şeýle hem, ol Madrid kluby bilen bilelikde üç gezek Ispaniýanyň çempionatyny, Ispaniýanyň Superkubogyny, UEFA Superkubogyny we Klublar arasyndaky dünýä çempionatyny, bir gezek bolsa ýurduň kubogyny gazandy.

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol Amerikanyň kubogynyň (2019) ýeňijisi boldy.

“Inter Maýami” — Baş futbol ligasynyň (MLS) häzirki çempionydyr. Toparyň kapitany argentinaly Lionel Messidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar

Salah “Beşiktaş” toparyna geçermi?

Russiýada hokkeý güni döredildi