Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2031–2032-nji ýyllar üçin hemişelik däl agzalygyna öz dalaşgärligini hödürledi.
Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2031–2032-nji ýyllar üçin hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürlenmegi, ýurduň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk döredijilik, öňüni alyş diplomatiýasy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli daşary syýasatynyň kanuny netijesidir. Garaşsyzlygyň geçen otuz ýylynda Türkmenistan milli bähbitleri dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlary bilen utgaşdyrýan, BMG bilen hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny döretdi.
Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplygyň 30 ýyly
Türkmenistaniň halkara abraýynyň esasy onuň hemişelik Bitaraplyk derejesidir. Bu dereje 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi we soňra täze kakarnamalar bilen iki gezek tassyklandy. Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy diňe bir daşary syýasatyň konstitusion ýörelgesi bolman, eýsem sebit we dünýä howpsuzlygyny pugtalandyrýan halkara taýdan ykrar edilen mehanizmdir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn Bitaraplyk syýasaty täze hil derejesine çykdy. Ol dawa-jenjelleriň öňüni almaga, ynamly dialogy ösdürmäge, halkara hukugyny pugtalandyrmaga we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça köpçülikleýin çemeleşmeleri ilerletmäge gönükdirilen işjeň diplomatik gurala öwrüldi.
Türkmenistanyň yzygiderli syýasatynyň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu ýurduň dünýä parahatçylygyna goşýan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmegidir.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk – Howpsuzlyk Geňeşindäki geljekki işiň binýady
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar täze hil derejesine çykdy. Öň hyzmatdaşlyk adaty diplomatik gatnaşyklar bilen çäklenýän bolsa, häzirki wagtda ol giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk nusgasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň we BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Hyzmatdaşlyk Çarçuwaly Maksatnamasy halkara howpsuzlygy, adam hukuklaryny goramak, durnukly ykdysady ösüş, howa gün tertibi, sanlylaşdyrma hem-de halkara hukugynyň hökmürowanlygy bilen bagly meseleleri öz içine alýar.
Bu toplumlaýyn çemeleşme häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ösdürilýän howpsuzlyk düşünjesine doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda halkara howpsuzlygy diňe harby ugur bilen çäklenmän, döwlet institutlarynyň durnuklylygyny, ykdysady durnuklylygy, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny hem öz içine alýar.
Türkmenistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň işine amaly goşandy
Türkmenistanyň dalaşgärligini goldaýan iň möhüm delilleriň biri ýurduň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bilen eýýäm ýola goýlan amaly hyzmatdaşlygydyr.
2007-nji ýylda Howpsuzlyk Geňeşiniň agza döwletleriniň başlangyjy we goldawy bilen Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni Alyş Diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezi (UNRCCA) döredildi. Bu dünýäde BMG-niň şeýle görnüşdäki ýeke-täk merkezidir.
Merkeziň hut Türkmenistanda ýerleşdirilmegi halkara jemgyýetçiliginiň ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna bildirýän ýokary ynamynyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň halkara howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary
Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýä howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen birnäçe iri başlangyç bilen çykyş etdi.
Şolaryň iň möhümleri:
- BMG-niň howandarlygynda Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny taýýarlamak;
- 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň halkara ýyly diýip yglan etmek başlangyjy;
- «Dialog — parahatçylygyň kepili» konsepsiýasyny yzygiderli ilerletmek.
Bu başlangyçlaryň ählisi halkara dawa-jenjelleriniň öňüni almak we köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wezipelerine laýyk gelýär.
