SPORT

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy

Norwegiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Dünýä çempionaty Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçirilýär. Ýeňiş getiren goly Norwegiýanyň iň netijeli hüjümçisi, Angliýanyň «Mançester Siti» klubynyň futbolçysy Erling Holand geçirdi.

Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Arlington şäherinde geçirildi. Dünýä çempionatyna 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gatnaşýan norwegiýalylar taryhynda ilkinji gezek pleý-offuň ilkinji tapgyryndan geçmegi başardylar. Mundan 28 ýyl ozal hem topar toparçadan çykypdy, emma şol döwürde pleý-off ýaryşlary göni 1/8 finaldan başlanýardy. Şonda Norwegiýanyň ýygyndysy Italiýanyň toparyndan 0:1 hasabynda asgyn gelipdi.

1/8 finalda Norwegiýanyň milli ýygyndysy Ýaponiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňen Braziliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 5-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda geçiriler.

Dünýä çempionatlarynyň taryhynda bu iki topar diňe bir gezek — 1998-nji ýylda duşuşypdy. Şol gezek toparçadaky soňky oýunda norwegiýalylar garşydaşlaryny 2:1 hasabynda ýeňipdiler.

Related posts

Aşgabatda sambo boýunça Dünýä çempionaty geçiriler

“Barselona” 8 futbolçysy bilen hoşlaşmakçy

«Türkmenistan: Sport»: türkmen toparlarynyň duşuşyklary göni ýaýlymda berler