DÜNÝÄ

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy diplomatik wezipesini tamamlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri, şeýle hem durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny durmuşa geçirmek çäklerinde geljekki konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Dmitriý Şlapaçenkonyň Türkmenistany BMG-niň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ilerledilmegine goşan uly goşandyny belledi. Ol oňa geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi we onuň mundan beýläkki işleriniň hem halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi, BMG-niň bolsa parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerinde esasy halkara hyzmatdaş hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna öz iş döwründe görkezilen goldaw we ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy