Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ahyryna çenli Tunisiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine fransuz hünärmeni Erwe Renar bellenildi. Bu barada Tunisiň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Tunisiň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Sabri Lýamuşiniň ilkinji tapgyrda Şwesiýanyň toparyndan uly hasap bilen utulmagyndan (1:5) soň wezipesinden boşadylandygyny habar beripdi.
“Renar şu agşam öňki maliýe goldawynyň derejesini saklamak bilen öz borçlaryna başlar. Ylalaşyk şeýle hem anyk sport maksatlaryna esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçiň dünýä çempionatyndan soň gepleşikleriň başlanmagyny göz öňünde tutýar” diýlip beýanatda aýdylýar.
Renar 57 ýaşynda. Fransuz hünärmen Marokkonyň, Kot-d’Iwuaryň, Angolanyň we Zambiýanyň milli ýygyndylaryna tälim beripdi. Ol Kot-d’Iwuaryň we Zambiýanyň ýygyndylaryny Afrika Milletler kubogynda ýeňişlere getirmegi başarypdy.
