SPORT

Andoni Iraola “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi boldy

Andoni Iraola Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi wezipesinde Arne Slotyň ornuny tutdy.
Bu barada klubyň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky resmi sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar.

“Biz 2026/2027-nji ýyllar möwsüminde klubyň baş tälimçisi wezipesine geçmek barada Andoni Iraola bilen ylalaşyk gazanylandygyny tassyklaýarys” diýlip, habarda bellenilýär.

Iraola “Bornmut” toparynda üç möwsüm geçirdi. Klub ony özünde saklap galmagyny islän hem bolsa, 43 ýaşly ispaniýaly hünärmen möhleti tamamlanýan şertnamasynyň möhletini uzaltmazlygy makul bildi. “Sky Sports” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, ispaniýaly tälimçiniň geçen möwsümde “Bornmuty” Premýer-liganyň taryhyndaky iň ýokary sepgidine ýetirmeginden soň amala aşyryldy.

Arne Slot 30-njy maýda “Liwerpulyň” ýolbaşçylygy tarapyndan wezipesinden boşadylypdy. Ol iki ýyl ozal Ýurgen Kloppuň ornuna gelipdi we ilkinji möwsüminde topary Premýer-liganyň çempionlygyna ýetiripdi.

Emma Slotyň ýolbaşçylygyndaky ikinji möwsümde, düzüme örän uly maliýe serişdeleriniň gönükdirilendigine garamazdan, “Liwerpul” gowşak netije görkezdi. Bu bolsa toparyň tälimçini çalyşmaga mejbur etdi.

Ýene-de okaň

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri