DÜNÝÄ

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň şygaryny nazara alyp gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen atly ýigitleriniň ýurdumyzda we daşary döwletlerde atçylyk hem-de atçylyk sporty boýunça guralýan halkara çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda “Galkynyş” toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.

Halkara festiwalda Ýaponiýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ispaniýanyň, Litwanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň, Meksikanyň, Bangladeşiň, Gruziýanyň, Liwanyň, Tanzaniýanyň we başga-da birnäçe döwletiň toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Medeni-köpçülikleýin çäreler, halk tanslary, aýdym-sazlar, sahna oýunlary bilen utgaşykly dowam eden festiwalda türkmen atly ýigitleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy.

Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. Öz ýeňişleri bilen ahalteke bedewleriniň abraýyny belende göterýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem möhüm orun berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy

Galibaf Eýranyň parlamentiniň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

Putin 27-29-njy maýda Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi