DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-gazak strategik gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi