BIZNES

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtda geçiriljek dabaraly çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.

Meýilnama laýyklykda dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri, paýtagtyň dürli künjeklerine gezelençleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy kärhanalaryň, şeýle hem daşary ýurt kärhanalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde geçiriljek maslahatyň dowamynda Aşgabady «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Baýramçylyk mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.  Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergisini we maslahatyny ýokary derejede geçirmeklige ünsi çekdi hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi