JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Kazana bardy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanyň resmi saýtynda habar berilýär.

G.Tukaý adyndaky Kazanyň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly Halkara ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Kazan şäherinde saparda bolýar.

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly Halkara ykdysady forumy 12-17-nji maý aralygynda geçiirlýär. Onuň ilkinji çäreleriniň biri bolan “Kazan Halal Market” halkara ýarmarkasyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşýar.

Related posts

Egin-eşik önümleriniň iň gymmatly markalary

Üniversite sınav dönemi 10 Temmuz-23 Ağustos tarihlerinde olacak

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi