DÜNÝÄ

Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar

Şu günler türkmen žurnalistleriniň döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gulluk iş saparynda bolýarlar. Maý aýynyň 9-da başlanan bu sapar aýyň ahyryna çenli dowam eder. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bar.

Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýardam bermeginde Missisipi halkara ösüş konsorsiumy tarapyndan guraldy. Žurnalistleriň ABŞ-daky saparynyň dowamynda emeli aň we žurnalistikadaky tehnologiýalar bilen bagly ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda çäreler geçiriler.

Türkmen žurnalistleri žurnalistika işinde emeli aňy ornaşdyrmakda amerikan kärdeşleriniň ulanýan esasy strategiýalary we gurallary, şeýle hem emeli aňa esaslanýan tehnologiýalaryň täsiri bilen tanşarlar. Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky meseleleri çözmekde emeli aňyň we tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenerler.

Wekiliýetiň Waşington (Kolumbiýa okrugy) şäherindäki saparynyň ilkinji günleri emeli aňy kemala getirýän prosesler, olaryň tehnologik ösüşe we žurnalistika edýän täsiri bilen bagly federal ulgamlar bilen tanyşlyga gönükdirildi.

Öňde duran Sent-Luis (Missuri), Sinsinnati (Ogaýo) we Täze Orlean (Luiziana) şäherlerine guraljak saparlaryň dowamynda hem türkmen wekillerine emeli aňyň žurnalistikada iş ýüzünde ulanylmagy bilen bagly gyzykly mowzuklar we söhbetdeşlikler garaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

Meredow bilen Saidow Daşkentde geçirilen atçylyk sporty çärelerine ýokar baha berdiler