DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Özbegistan Respublikasynda saparda bolýan  Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň sport ministri A. Ikramow, Özbegistanyň Atçylyk we atly sport federasiýasynyň başlygy B. Gaziýew, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Özbek döwlet sirki» döwlet edarasynyň direktory R. Mejidow bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda atçylyk, atly sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmagyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy maýda Özbegistanda «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahaty geçirilýär.

Related posts

Türkmenistan Rumyniýa we Slowakiýa bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrar

Türkmen Lideri Bakü Yolcusu

vepa

Türkmenistan-Ýaponiýa: infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri