DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýaponiýa: infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon agentligine baryp, agentligiň ýolbaşçysy Akihiko Tanaka bilen duşuşdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň sanly özgertmeler ministrliginde ministr Taro Kono bilen gepleşikler geçirdi. Bu duşuşykda Ýaponiýanyň sanlylyşadyrmak ugrundaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek meselelerine seredildi. Türkmen tarapy saglygy goraýyş ulgamyny sanlylyşadyrmak babatda ýapon hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutoşi Nişimura bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň “ýol kartasyny” täzelemegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şol sanda türkmen tarapy ýaşyl we wodorod energetikasy, bäsdeşlik edip bilejk önümleriň önümçiligine gönükdirilen ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilikleri döretmek babatda ýapon tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda iş alyp barmagy, şol sanda öz gezeginde türkmen kärhanalarynyň Ýaponiýada iş alyp barmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar