DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Şu günler Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisi we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmak üçin Ýaponiýada iş saparynda bolýar.

Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow merkezi aziýaly kärdeşleri bilen Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Premýer-ministr Fumio Kişida bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň daşary işler ministri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky syýasy we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslaatlaşyldy.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak babatda ygrarlydyklaryny belläp, dostluk we özara ynamyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we geljekde ilerledilmegine möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti Marko Rubio we Serjio Gora döwlet sylaglaryny gowşurdy

Türkmenistan Bakanlar Kurulu toplantısı yapıldı

vepa

Türkmenistan 97 sany halkara resminama gol çekdi

Leave a Comment