DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda ulag, energetika hem-de nebitgaz ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmek meseleleri boýunça maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamynyň strategik ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Hususan-da, “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini hem-de “Lazurit geçelgesini” ösdürmek, şeýle-de port düzümleriniň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine seredilip geçildi.

Ykdysady ugur bilen bir hatarda, gatnaşyjylar ylym, bilim, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Mejlisiň işiniň jemleri boýunça bilelikdäki toparyň ýolbaşçylary tarapyndan Teswirnama gol çekildi. Resminamada gazanylan ylalaşyklar berkidilip, Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi.

***

Gruzin wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary