SPORT

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

Domeniko Tedesko “Fenerbahçe” futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada türk klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

Möwsümiň ahyryna çenli toparyň tälimçisiniň wezipesini wagtlaýynça Zeki Murat Göle ýerine ýetirer.

Tedeskonyň wezipesinden boşadylmagyna “Fenerbahçäniň” Türkiýäniň çempionatynda “Galatasaraý” toparyndan (0:3) uly hasap bilen asgyn gelmegi sebäp boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda “Fenerbahçe” ikinji orny eýeleýär we “Galatasaraý” toparyndan ýedi utuk yzda galýar.

Geljegi uly bolan 40 ýaşly asly italiýaly nemes hünärmeni Tedesko 2025-nji ýylyň maý aýynda “Fenerbahçe” toparynyň tälimçisi wezipesine bellenipdi. Tedesko bilen “Fenerbahçe” topary Türkiýäniň Superkubogyny gazandy.

Tedesko 2019-2021-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň “Spartak” toparynyň baş tälimçisi bolup işledi we onuň ýolbaşçylygynda klub Russiýanyň çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy.

Related posts

Özbegistanyň Pariž Olimpiadasyndaky “altyn” güni

Azerbaýjanly emin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Futbol janköýerleri üçin hoş habar