SPORT

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyş we final duşuşyklarynyň stadiony belli boldy

ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde gurnaýan 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň açylyş we final duşuşyklarynyň geçirilýän şäherleri we stadionlary mälim edildi. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy we ilkinji duşuşygy 11-nji iýunda Meksikanyň Mehiko şäheriniň “Asteka” stadionynda oýnalar. Bu barada Halkara futbol federasiýasy habar berýär.

Dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň 19-njy iýulda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky 82 müň 500 orunlyk “MetLife” stadionynda oýnaljakdygy mälim edildi.

48 milli ýygyndynyň gatnaşjak dünýä çempionaty 11-nji iýunda başlar.

ABŞ-da dünýä çempionatynyň duşuşyklary Nýu-Ýork, Dallas, Maýami, Kanzas, Hýuston, Atlanta, Los-Anželes, Filadelfiýa, Sietl, San-Fransisko, Boston şäherlerinde geçiriler.

Meksikanyň Monterreý, Guadalahara we Mehiko, Kanadanyň Wankuwer we Toronto şäherleri çempionatyň duşuşyklaryny kabul eder.

Bu dünýä çempionatynda umuman, 104 duşuşyk geçiriler. Mundan ozalky, dünýä çempionatlaryna 32 döwletiň milli ýygyndylary gatnaşyp, 64 duşuşyk oýnalýardy.

Çempionat 36 gün dowam edip, final duşuşygy 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda geçiriler. Häzirki wagtda dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.

Ýene-de bellemeli zat, “Asteka” stadiony 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentinanyň Angliýany 2-1 hasabynda ýeňen duşuşygynda Diego Armando Maradonanyň eli arkaly gol geçiren stadiony hökmünde taryhyň sahypalarynda orun aldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy