Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň «Geljekki nesiller üçin umytdöretmek, parahatçylygy goramak we adalatlylygy üpjün etmek» atly tema boýunça 152-nji Assambleýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler guramaçylykly geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň «Geljekki nesiller üçin umyt döretmek, parahatçylygy goramak we adalatlylygy üpjün etmek» atly maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurdumyzda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisinde beýan eden ählumumy parahatçylygy we dialogy berkitmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak baradaky başlangyçlarynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda Mejlisiň wekili Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji mejlisiniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň biri bolan adalatlylygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek, olaryň bähbitlerini goramak üçin anyk hukuk we durmuş esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem parlamentaryleriň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigini nygtady.
