DÜNÝÄ

Baýlaryň emlägi ýokarlandy

2019-njy ýylda dünýäniň 500 baý adamynyň emlägi 25 göterim ýokarlandy, pul birliginde bu ýagdaý 1,2 trillion dollara deňdir. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär. Ýyllyk maglumatlara görä, dünýäde uly üstünliklere eýe bolýan işewürleriň emläginiň jemi 5,9 trillion dollara deň boldy. Emlägiň ösüşi boýunça öňdeligi LVMH kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno eýeledi. Onuň baýlygy 36,5 milliard köpeldi. Ol sanawda üçünji orny eýeläp, arassa maýasy 100 milliard dollara barabardyr.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda entegem öňdeligi “Amazon.com” internet kompaniýasynyň esaslandyryjysy, “Blue Origin” aerokosmos kompaniýasynyň we “The Washington Post” neşirýat öýüniň eýesi Jeff Bezos eýeleýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy