SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada saparynyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy boldy.

Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Mundan soňra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda Adaty däl lukmançylyk otagy hereket edýär.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap otagda döredilen şertler, onuň lukmançylyk enjamlary we adaty däl lukmançylygyň esasy ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy