SPORT

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Müsürli futbolçy Mohamed Salah häzirki möwsüm tamamlanandan soň Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan gider. Bu barada ol özüniň “X” jemgyýetçilik ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdiren wideoýüzlenmesinde mälim etdi.

“Men ähli topar ýolaşlaryma we toparyň ähli işgärlerine öz minnetdarlygymy bildirýärin. Janköýerler meniň karýeramyň iň gowy döwründe maňa ajaýyp goldaw berdiler, men munuň ýaly zady hiç wagt unutmaryn. Gitmek elmydama aňsat däl, siz maňa durmuşymyň iň gowy pursatlaryny peşgeş berdiňiz, bu klub elmydama meniň öýüm bolar” diýip, hüjümçi aýtdy.

Salah 33 ýaşynda, ol 2017-nji ýylyň tomsundan bäri “Liwerpulda” çykyş edýär. Futbolçy Angliýanyň çempionatynyň şu möwsüminde geçiren 22 oýnunda 5 gol urdy we 6 goluň pasyny berdi. Geçen möwsümde hüjümçi Angliýa çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Aprel aýynda taraplar şertnamany iki ýyl möhlet bilen uzaldypdylar.

Salah “Liwerpulyň” düzüminde umumylykda 420 oýna gatnaşyp, olarda 250 gol we 116 goluň pasy bilen tapawutlandy. Müsürli futbolçy toparyň iň gowy hüjümçileriniň sanawynda uelsli hüjümçi Ian Raşdan (339) we iňlis forwardy Rojer Hantdan (271) yza galyp, üçünji orny eýeleýär.

Salah “Liwerpul” bilen Angliýanyň çempiony, Çempionlar ligasynyň, Angliýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň, klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy, şeýle hem iki gezek Liga kubogyny gazandy.

“Liwerpula” geçmezinden öň Salah Italiýanyň “Fiorentina” we “Roma”, Angliýanyň “Çelsi” hem-de Şweýsariýanyň “Bazel” toparlarynda oýnapdy. Müsüriniň milli ýygyndysynyň düzüminde ol iki gezek Afrika milletleriniň kubogynyň kümüş baýragyna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler