DÜNÝÄ

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 10–11-nji martynda Tbiliside Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Halkara býurosy tarapyndan gurnalan BPB-niň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary üçin tölegler boýunça okuw seminary geçirildi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Aragatnaşyk, maglumat we häzirki zaman tehnologiýalary bölüminiň müdiri E.Kubusidze, BPB-niň Tbilisidäki sebitleýin edarasynyň wekili K.Aleksidze we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy M.Ataýew gatnaşdy.

Bu okuw seminarda Ýewropanyň we GDA-nyň poçta operatorlarynyň hatlary, kiçi bukjalary hem-de olaryň ýollanmalary üçin BPB-niň töleg ulgamlary baradaky tehniki bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Iki günüň dowamynda maslahata gatnaşyjylar BPB-niň 28-nji mejlisinde girizilen töleg ulgamy (ITU) boýunça kabul edilen möhüm çözgütleriň netijesinde girizilen täze töleg ulgamlarynyň aýratynlyklary we olaryň iş ýüzünde ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyryldy.

Bu seminar tutuş sebitde poçta howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyç bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan-Hytaý” welosiped ýörişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy