“Hurun Global Rich List” reýtinginiň iň soňky maglumatlaryna görä, Hytaý milliarderleriň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Ýurtda milliarderleriň sany rekord derejä — 1110 adama ýetdi diýip, “SCMP” neşirine salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, milliarderleriň sanynyň artmagy gazna bazaryndaky ýokarlanma we emeli aňyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.
“Hurun Group” tarapyndan 5-nji martda çap edilen ýyllyk hasabata görä, dünýädäki 4020 milliarderiň 1110-sy Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji bir ýylyň içinde 287 adam köpeldi. Şeýlelikde, Hytaý soňky üç ýyldaky ýitgileriniň öwezini dolup, 1000 milliarderi bolan ABŞ-dan we 308 milliarderi bolan Hindistandan öňe geçdi.
Tehnologiýalaryň, aýratyn-da emeli aňyň ösmegi täze maýanyň çeşmesine öwrüldi. Hytaýyň täze milliarderleriniň arasynda “MiniMax” kompaniýasyndan Ýan Szýunsze ($3,6 mlrd) we “Knowledge Atlas Technology JSC (Zhipu)” kompaniýasyndan Lýu Debin ($1,2 mlrd) bar. Dünýäde emeli aň bilen baglanyşykly kompaniýalarda jemi 114 milliarder işleýär we olaryň 46-sy reýtinge ilkinji gezek girdi.
Dünýäniň iň baý 3 adamy:
-
Ilon Mask — $792 mlrd (ol baýlygy $700 milliarddan geçen ilkinji adam boldy).
-
Jeff Bezos — $300 mlrd.
-
Larri Peýj — $281 mlrd.
Şäherleriň arasynda Nýu-Ýork 146 milliarder bilen dünýä liderligini saklaýar. Ondan soňra Şençžen (132), Şanhaý, Pekin we London gelýär. Dünýäde milliarderleriň ortaça ýaşy 65 ýaşdyr.
