DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Täjigistan senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler diýip, Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine habar berýär.

Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetara bilelikdäki toparynyň on dördünji mejlisiniň çäklerinde, Täjigistan Respublikasynyň senagat we täze tehnologiýalar ministriniň birinji orunbasary Isojon Gurbonzoda Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň orunbasary Togtamyrat Meredow we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary Maksatmyrat Saparmyradow bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar dokma senagaty we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, şeýle hem, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine, hususan-da, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegine garaldy.

Related posts

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Özbegistan konsullyk geňeşmeleri geçirdi

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary