DÜNÝÄ

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyna laýyklykda, ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň ýerine saýlawlary şu ýylyň 29-njy martynda geçirmek bellenildi.

Şoňa görä-de, 14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy hem-de bu jemgyýetçilik-syýasy çäre boýunça saýlaw möwsüminiň 15-nji ýanwardan başlanýandygy yglan edildi. Saýlawlara taýýarlyk işleri şol günden badalga aldy we häzirki wagta çenli bu ugurdaky çäreler guramaçylykly, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, demokratik şertlerde dowam edýär.

Saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň guramaçylyk-hukuk medeniýetiniň artdyrylmagyna ýardam bermek üçin olar bilen welaýatlarda we Aşgabat şäherinde tapgyrlaýyn okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle-de «Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma», «Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma», «Syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma» atly neşir önümleri çap edildi.

Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre boýunça saýlaw okruglarynyň jemi sany 363-e deň bolup, olaryň 140-synda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary, 5-sinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, 3-sinde welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, 12-sinde etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, 203-sinde bolsa Geňeş agzalarynyň saýlawlary ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp gitmegi bilen baglylykda geçirilýär.

Saýlawçylaryň ses bermekleri üçin saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder. Saýlaw hukugynyň habar kepilligini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň araçäkleri baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi. Saýlawlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäklerindäki degişli etrapdyr şäherleriň 43-sinde, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, Geňeşlikleriň 156-synda geçiriler. Saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň çäklerinde, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň jemi 624-si welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Milli synçylaryň umumy sanynyň 52 göterimden gowragy zenanlardyr, 49 göterimden gowragy bolsa ýaşlardyr.

Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň 3-si we raýatlar toparlary gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 14, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 9, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 310 we Geňeşleriň agzalygyna 426 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek möhletiniň netijeleri boýunça we dalaşgärleri bellige almak möhletiniň dowamynda, degişli Kanuna laýyklykda, saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärleriň jemi sany 759-a deň boldy, şolardan 312-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, 34-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 155-si Agrar partiýanyň komitetleri, 258-si bolsa raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Bu görkezijiler, ýagny her bir saýlaw okrugy boýunça 2-3 dalaşgäriň bellige alynmagy saýlawlaryň giň bäsdeşlik şertlerinde geçiriljekdigini äşgär edýär.

Ýene-de okaň

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistana sapary