DÜNÝÄ

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky birinji ikitaraplaýyn işewürler forumy 26-njy martda Aşgabatda bolar. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa habar berdi.

«26-njy martda Aşgabatda ÝB – Türkmenistan işewürler forumy geçiriler, bu ilkinji ikitaraplaýyn işewürler forumy bolar. Gatnaşmaga isleg bildirýänleriň örän köpdügini bilýäris, şeýle hem söwda we pudaklaýyn assosiasiýalaryň wekilleri bolar, biz bu ýerde bolmaga uly gyzyklanma bildirýäris» diýip, ol Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki brifinginde aýtdy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, forum ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we iki tarapyň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Peksa, şeýle hem 2025-nji ýylyň özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ulag ulgamynda, söwdada we «ýaşyl» ugrunda uly öňe gidişlikleriň gazanylandygyny belledi.

Brifing ÝB we Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijelerine we 2026-njy ýyl üçin strategik ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy. Çärä ÝB-ne agza döwletleriň ilçileri, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, raýat jemgyýetiniň guramalary we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalary amala aşyrýan hyzmatdaşlar gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary