DÜNÝÄ

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edilmegi maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýädäki dilleriň dürlüligini goldamaga gönükdirilen möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow türki dilleri diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilleriň arasyndaky taryhy pelsepäni we halkyň şygyryýetini özünde saklaýan hem-de adamzadyň ruhy ösüşini baýlaşdyrýan janly köprüdigini nygtady. Ol Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine we türki dilleri gorap saklamaga, şeýle hem medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we pugtalanmagyna gönükdirilen bütindünýä dialogynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy